| Telefon belgi: +9912-36-83-28;
۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!    ❖    ۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!

Wgyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Wgyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň “Ruhyýet” köşginde

geçen umumy okuw sapagynyň taryhy mazmuny Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda- kooperatiw mekdebiniň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyp ýaşlary bilen öwrenilip, ara alyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň başynda lki bilen Söwda-kooperatiw mekdebiň direktory Ş.O.Goçgulyýew maslahaty açyp,  Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynyň mazmunyny giňişleýin düşündirdi we her bir mugallym talyplara giňişleýin öwretmegi dowam etdirmeli diýip tabşyrdy.

Soňra, Söwda-kooperatiw mekdebiň baýry mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty B.W.Wekilowa çykyş edip, Milli Liderimiziň bu çuň manyly çykyşyny biz mugallymlar ilki bilen halypaçylyk sagatlarda talyplara düşündirip öwretmeli we her bir sapagy geçirenimizde hem usulyýet gollanma görnüşinde ulanmaly diýip nygtady.