| Telefon belgi: +9912-36-83-28;
۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!    ❖    ۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!

Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş

  1. Hünär: 5.37.02.01 Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş

    Kär: ykdysatçy

     

    Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäri boýunça taýýarlanylýar.

    Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda milli ykdysadyýetiň düzümi, söwda tehnologiýasy, söwda we alyjylar jemgyýetleri ulgamynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, önümçiligi guramagy we oňa ýolbaşçylyk etmegi, meýilnama düzmegiň usullary, nyrh kesgitlemegi, kärhananyň we onuň bölümleriniň işini seljerip, ykdysady görkezijileri hasaba almagy, üpjün edijiler bilen söwda kärhanalarynyň arasyndaky hojalyk gatnaşyklarynyň ýola goýluşuny, ykdysatçynyň işlerini kompýuter programmalarynyň üsti bilen ýerine ýetirmegi öwredilýär.

    Bu ugry tamamlan hünärmen döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ykdysady bölümlerinde, birleşmelerde, jemgyýetçilik guramalarda, söwda toplumynda, banklarda ykdysatçy, meýilnamalaşdyryş boýunça ykdysatçy,  ýerleşdiriş boýunça ykdysatçy, maddy-tehniki üpjünçilik boýunça ykdysatçy, maliýe işleri boýunça ykdysatçy, özara hasaplaşyklar boýunça ykdysatçy, ykdysatçy-menejer wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.