1-nji sentýabr – “Bilimler we talyp ýaşlar güni” 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.
Ilki bilen Türkmenistanyň döwlet senasy ýaňlandy we dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan watanymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk barada kasamy dabaralandyrdylar.
Soňra Söwda-kooperatiw mekdebiň direktory dabarany açyp çykyş etdi. Türkmenistanyň Milli lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri zyýada, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri has-da rowaçlyklara beslenmedini arzuwlady.
Soňra Söwda-kooperatiw mekdebine gelen hormatly myhman, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekili, Demokratik partiýa guramasynyň ýolbaşçysy Gurban Rejepowiçe söz berildi we täze okuw ýyly bilen mähirli gutlady! Türkmenistanyň Milli lideri, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Hormatly Prezidentimizi alkyşlap, jan saglyk, rowaçlyklar arzuwlady.
Soňra Söwda-kooperatiw mekdebiň mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty B.W.Wekilowa çykyş edip baýramçylyk bilen gutlady. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Milli lider, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Hormatly Prezidentimizi alkyşlady, jan saglyk, rowaçlyklar arzuwlady.