
Hünär: 5.37.02.03 Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit
Kär: buhgalter
Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça taýýarlanylýar.
Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň talaplaryna laýyklykda, hasaplama geçirmegi, buhgalteriýanyň nazaryýeti, her bir pudaga degişli usuly, kadalaşdyryjy we gollanma resminamalary ýöretmegi, buhgalter hasabynyň görnüşleri we usullary, buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli standartlarynyň aýratynlyklary, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň netijesini kompýuter programmalarynyň üsti bilen resmileşdirmegi, kärhananyň maddy gymmatlyklaryny, serişdelerini tükellemegi we gözegçilikde saklamagy, maliýe hasabatlylygy düzüp, derňew geçirmegi öwredilýär.
Bu ugry tamamlan hünärmen ähli pudaklarda, döwlet we hususy edara-kärhanalaryň buhgalteriýa, maliýe, gözegçi – derňew bölümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, söwda toplumynda, banklarda buhgalter, edara-kärhanalarda hasabat, derňew, maliýeleşdirmek we karz işlerini alyp barýan buhgalter, zähmet we aýlyk haky boýunça buhgalter, maddy serişdeleri hasaba alýan buhgalter, buhgalter-auditor, buhgalter-ekspert, buhgalter-kassir wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.