| Telefon belgi: +9912-36-83-28;
۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!    ❖    ۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!

Harytcylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek

Hünär: 5.37.02.22 Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek

Kär: harytçy

Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde“Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek”  hünäri boýunça taýýarlanylýar.

Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, Türkmenistan diýarymyzda söwda ulgamynda marketingiň talaplaryna laýyklykda ilatyň sarp edýän harytlarynyň hili, görnüşleri, harytlary öndürijilerden sarp edijilere satylýan aralykda ähli tapgyrlary, şertnama düzmegi we baglaşmagy, şertnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi, harytlary sany we hili boýunça kabul edip almagy, halk üçin bähbitli, döwrebap söwdany, ýagny müşderiler bilen sazlaşykly aragatnaşygy gurnamagy, degişli resminamalary ýöretmegi, olara ekspertiza geçirmegi, haryt satmagyň usullaryny, söwdanyň düzgünlerini, mahabatlandyryş işlerini gurnamagy, maddy jogapkärçiligi, standartlary we onuň ýerine ýetirilişini derňemegi öwredilýär.

Bu ugry tamamlan hünärmen söwda toplumynda, söwda-dynç alyş merkezlerinde, marketlerde, dükanlarda,  önümçilik kärhanalarynda marketolog, menejer, harytşynas, täjir, satyjy, dükan müdiri, ilatyň sarp edýän harytlarynyň eksperti, bazarlarda gözegçi wezipelerinde işläp biler.