
Hünär: 2.18.02.10 Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
Kär: tehnik-tehnolog
Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy” hünäri boýunça taýýarlanylýar.
Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, döwletimizde döwrebap gurnalan söwda dynç alyş merkezleriniň aýratynlyklary, olaryň talaplaryna laýyklykda jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň görnüşleri we gurnalyşy, maddy-tehniki binýady, tagamlaryň görnüşleri we olary taýýarlamagyň tehnologiýasy, türkmen milli tagamlary, taýýarlanan tagamlaryň hiline bildirilýän talaplary, müşderilere hyzmat etmegiň görnüşleri, usullary we medeniýeti, tagamlaryň görnüşleriniň düzülişi, döwlet we hususy sektoryna degişli hyzmatlarynyň halkara standartlarynyň talabyna laýyk gurnamagy.
Bu ugry tamamlan hünärmen jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda we önümçilik birleşiklerde tehnik-tehnolog, önümçilik müdiri, bölüm, seh, topar ýolbaşçysy, ýokary derejeli aşpez, iýmitleriň hilini barlaýjy, konditer we laborant wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.