| Telefon belgi: +9912-36-83-28;
۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!    ❖    ۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!

Salgytlar we salgyt salmak

Hünär: 5.37.03.08 Salgytlar we salgyt salmak

Kär: salgyt hünärmeni

Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Salgytlar we salgyt salmak” hünäri boýunça taýýarlanylýar.

Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, sanly ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanda salgyt ulgamynyň ýörelgelerini we onuň hukuk esaslaryny, salgytlaryň görnüşlerini, maksadyny we salgyt salmagyň nazaryýetini, fiziki we ýuridiki taraplar hem-de telekeçilik ulgamlarynda salgyt salmagyň guralyşyny we usulyýetini, pudaklarda salgyt salmagyň hasaby we hasabatlylygyny, Türkmenistanyň döwlet býujetiň gurluşyny, ýörelgelerini, ýerine ýetirilişini we salgyt görkezijileri bilen baglanyşykly işleriň ýola goýluşynyň usulyýetini, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda salgyt salmagy we maliýe işlerini gurnamagy, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda salgyt gözegçiliginiň talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmegi, salgydy töleýjileri, ýeňilliklerini, hasaplamagy, tölemegi, salgyt hasabatlaryny taýýarlamagyň we tabşyrmagyň aýratynlyklary, salgyt boýunça işleri kompýuter programmalarynyň üsti bilen ýerine ýetirmegi öwredilýär.

Bu ugry tamamlan hünärmen döwletimiziň ykdysady toplumynda, şol sanda söwda degişli pudaklaryň ählisinde, işewürlik bilen meşgullanýan hojalyklarda, jemgyýetçilik guramalarda,banklarda salgyt inspektory, salgyt-kalkulýasiýa meselelerini alyp barýan ykdysatçy, salgyt derňewçisi wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.