| Telefon belgi: +9912-36-83-28;
۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!    ❖    ۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!

Biz barada

Söwda-kooperatiw mekdebi döredilenden bäri, her döwrüň talabyna görä, sepgitleri geçdi we ady ýokary guramasyna laýyklykda birnäçe gezek üýtgedildi. Ilki “Türkmenbirleşik” – Alyjylar jemgyýetleriniň birleşigi 1925-nji ýylyň 15-18-nji martynda geçirilen 1-nji Respublikan Sýezdinde kanuny taýdan bellige alyndy.

Şeýlelik bilen Aşgabat şäherinde söwda pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamak we hünäri kämilleşdirmek boýunça kurs okuwlary açyldy.

  1929-njy ýylda kooperatiw mekdebi açylyp, ol 2 ýyl möhleti bilen ýolbaşçylary, hasapçylary taýýarlamaga niýetlenipdir. Şeýle hem, 1 ýyllyk Söwda-kooperatiw okuw mekdebi instruktorçylyk okuwy, satyjylar üçin bolsa gysga möhletli okuwlar gurnalypdyr. 

Şol döwürde 1000-den gowrak ýokarda görkezilen ugurlar boýunça hünärmenler taýýarlanyp, şolaryň 700-e golaýy türkmen hünärmenleri bolupdyr.

  Alyjylar jemgyýetleriniň işiniň barha ösmegi bilen kurs binýadynyň okuwy ýeterlik bolmaýar. Şeýlelik bilen, 1930-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabat şäheriniň Söwda-kooperatiw tehnikumy açylyp ulanylmaga berilýär.

Başda tehnikumyň okuw-maddy binýady ýetmezçilik edýär. Tehnikumyň özi şäheriň dürli köçelerinde ýerleşen 2 okuw binasyndan ybarat bolýar. Birinji okuw binasy Poltaraskiý köçäniň 7-nji jaýynda ýerleşdirilýär. Ol 4 sany otaglardan ybarat bolup, onda kitaphana we merkezi edarasy ýerleşdirilipdir.

Beýleki, ýagny 2-nji okuw binasy Stokolnyý köçäniň 7-nji jaýynda ýerleşip, ol 3 otaglardan  ybarat bolup onda esasy okuw maksatnamasy boýunça dersler okadylypdyr. Söwda-kooperatiw tehnikumynyň direktory wezipesine “Türkmenbirleşigiň” işgärleri taýýarlaýyş bölüminiň başlygy Aşyr Myradow bellenilýär.

Täze tehnikumyň açylmagy bilen ýolbaşçylaryň öňünde ýene bir kynçylyk ýüze çykýar. Şol döwürde umumybilim taýýarlygy ýerli halkda 7-nji synpa çenli bolýar. Şonda “Türkmenbirleşigiň” goldamagy bilen    1-nji ýyl talyplaryň ýerine tehnikumyň taýýarlaýyş bölümlerini açmaga mejbur bolýarlar we oňa 5-6-njy synpyň okuwçylary kabul edilýär. Şol sebäpli bu okuwçylara 2 ýyllyk umumybilim mekdep dersleri okadylýar.  

1932-nji ýylda şol 2 ýyllyk okan okuwçylary 1-nji ýyl talyplyga kabul edilip, olary 2 , ýagny “Ykdysadyýet we meýilnmalaşdyryş” hem-de  “Hasap-meýilnama” ugurlary boýunça taýýarlanylýar.

1941-nji ýylda tehnikumyň direktory wezipesine fizika dersiniň mugallymy Aga Berdiýew bellenilýär, ýöne ol 1942-nji ýylda Sowet goşunynyň hataryna goşulyp Beýik Watançylyk urşuna gidýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda okuwa kabul edijilik biraz peselýär, emma muňa garamazdan Söwda-kooperatiw tehnikumy “Türkmenbirleşik” üçin: meýilnamalaşdyryjy, buhgalter, harytşynas ýaly hünärmenleri taýýarlamagy dowam edýär.

1946-njy ýylyň fewral aýynda tehnikumyň direktory wezipesine Aman Ramazanow bellenilýär. Ol bu ugurda 22 ýyl zähmet çekip, 1967-nji ýylda bilim ulgamynda alyp baran işleri üçin Türkmenistanyň at gazanan mugallymy diýen at dakylýar.

1948-nji ýylda Aşgabat şäherinde güýçli ýer titremesinde tehnikum hem weýran bolýar.

Şol sebäpli tehnikumy wagtlaýynça Mary welaýatynyň Ýolöten şäherine göçürmäge karar alynýar. Okuw sapaklary pagta arassalaýjy zawodlaryň zalynda geçirilýär, talyplar we mugallymlar bolsa hususy jaýlara ýerleşdirilýär. 1949-1950-nji okuw ýyllary Aşgabat şäherinde dowam etdirilýär, emma ýokary derejeli mugallymlar we okuw otaglary ýetmezçilik edýär.

Tehnikumyň ykbaly 1958-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Maliýe tehnikumy bilen birikdirilmeginiň netijesinde kämilleşip başlaýar. Ol Türkmenistanyň Aşgabat şäheriniň Söwda-maliýe tehnikumy diýip atlandyrylýar.

Ol 2 okuw binasyndan ybarat bolup, okuw meýilnamasyna görä laboratoriýa otaglaryndan, auditoriýalardan, sport binasyndan we 310 adama niýetlenen 3 binadan jemlenen umumy ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolupdyr.

38 ýyllap hereket eden Söwda-maliýe tehnikumynda 3849 hünärmenler ýetişdirilipdir. 1936-njy ýylda 2 ugur boýunça 39 hünärmen taýýarlanylan bolsa, eýýäm 1968-nji ýylda uçurymlaryň sany her okuw ýylynda 305-e çenli köpeldilipdir. Şol döwürde 6 ugur  boýunça ýagny – harytşynaslyk, meýilnamalaşdyryjy, buhgalter, tehnolog, maliýeçi hem-de  deri we sütükli önümleriň harytşynaslygy ýaly ugurlardan hünärmenler taýýarlanypdyr.

“Türkmenbirleşigiň” 1972-nji ýylyň    20-nji iýulyndaky № 73 belgili buýrugy bilen Söwda-maliýe tehnikumy Türkmenbirleşigiň Söwda-kooperatiw tehnikumy diýilip üýtgedilýär. Soňra, Türkmenistanyň Ministrler Sowetiniň 1977-nji ýylyň 4-nji maýyndaky        № 198 belgili karary bilen, tehnikuma Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen gahrymançylyklary üçin Aga Berdiýewiň ady dakylýar we ol Türkmenbirleşigiň Aga Berdiýew adyndaky Söwda-kooperatiw tehnikumy diýip atlandyrylýar.

1994-nji ýylyň 23-nji dekabrynda Türkmenbirleşigiň №32 buýrugy bilen tehnikum Türkmenistanyň okuw – önümçilik kombinaty ady bilen üýtgedilýär.

  1996-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenbirleşigiň №152  buýrugy bilen ol Türkmenbirleşigiň Söwda-kooperatiw kolleji diýip atlandyrylýar

2004-nji ýylyň 13-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidentiniň №4082 permany bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Türkmenbirleşik birikdirilýär we Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmesi ministrligi döredildi.

  2005-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmesiniň №7 buýrugy bilen Söwda-kooperatiw kolleji Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmesi ministrliginiň Söwda-kooperatiw orta hünär okuw mekdebi diýilip üýtgedilýär.

2007-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň               № PP 4911 permany bilen Türkmenistanyň Söwda we alyjylar birleşmesi ministrligi Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi diýip atlandyrylýar. Şeýlelik bilen, 2009-njy ýylyň 10-njy iýulynda ministrligiň №104 buýrugy esasynda, mekdep Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebi diýip atlandyrylýar we häzir hem şeýle at bilen ýöredilýär.

Häzirki wagtda Söwda-kooperatiw mekdebi Aşgabat şäheriniň 2050-nji, ýagny Aba Annaýew köçesiniň 51-nji jaýynda ýerleşip ol 3 sany okuw binasyndan (baş bina, 1-nji bina we 2-nji bina) sport binasyndan, sport meýdançasyndan we 4 gatly umumy ýaşaýyş jaýyndan ybaratdyr.

Söwda-kooperatiw mekdebi aşakdaky hünärler boýunça okuwlary alynyp barylýar 

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.

2. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

3. Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek.

4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.

5. Statistika

6. Salgytlar we salgyt salmak

Okuwyň möhleti 2 ýyl we 2.5 ýyl tölegli.

Okuw tamamlanandan soň tassyklanan nusga

boýunça DIPLOM gowşurylýar

1.Ygtyýarnama almak, birža, gümrükhana, standartlaşdyrma işleriniň esaslary – 3 aý

2.Buhgalter hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň esaslary – 3 aý

3.Söwdanyň we alyjylar jemgyýetleriniň ykdysadyýeti – 1 aý

4.1C buhgalter hasaby – 1 aý

5.Kompýuter sowatlylygy – 2 aý

6.Aşpez – 3 aý

Okuw tamamlanandan soň tassyklanan nusga

boýunça ŞAHADATNAMA gowşurulýar