| Telefon belgi: +9912-36-83-28;
۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!    ❖    ۞ 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ۞ | Dalaşgärler üçin kabul edişlik dowam edýär | Täze okuw ýylynda üstünlik!

Statistika

Hünär: 5.37.03.07 Statistika

Kär: statist

Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Statistika” hünäri boýunça taýýarlanylýar.

Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, diwersifikasiýalaşdyrmagyň talaplaryna laýyklykda, innowasion usullarda Türkmenistanda statistikanyň esaslary, halkara standartlary, milli hasaplar ulgamynyň usulyýet düzgünleri, ykdysady maglumatlary modelirlemegiň ugurlary, maglumatlary taýýarlamagyň, toplamagyň, jemlemegiň, seljermegiň aýratynlyklary, olary tehnoliogiýanyň ösen usullary bilen diagrammalar arkaly aňlatmagy, maglumatlary many-mazmuny boýunça degişli statisiki tablisalary düzmegiň usullary, statistiki hasabatlary we düzmegiň, tabşyrmagyň esaslary,  statistiki işleri kompýuter programmalarynyň üsti bilen ýerine ýetirmegi öwredilýär.

Bu ugry tamamlan hünärmen döwletimiziň ykdysady toplumynda, şol sanda söwda degişli pudaklarynyň ählisinde, işewürlik bilen meşgullanýan hojalyklarda, medisina edaralarynda statist, statist-maliýeçi, statist-derňewçi, statist-seljeriji, statist-usulyýetçi, statist-ykdysatçy, statistiki maglumatlary toplamak, jemlemek, seljermek we çaklamak boýunça hünärmen wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.