Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy

Hünär: 2.18.02.10 Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy
Kär: tehnik-tehnolog
 Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Jemgyýetçilik iýmitiniň
önümleriniň tehnologiýasy” hünäri boýunça taýýarlanylýar.
Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, döwletimizde
döwrebap gurnalan söwda dynç alyş merkezleriniň aýratynlyklary, olaryň
talaplaryna laýyklykda jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň görnüşleri we
gurnalyşy, maddy-tehniki binýady, tagamlaryň görnüşleri we olary taýýarlamagyň
tehnologiýasy, türkmen milli tagamlary, taýýarlanan tagamlaryň hiline
bildirilýän talaplary, müşderilere hyzmat etmegiň görnüşleri, usullary we
medeniýeti, tagamlaryň görnüşleriniň düzülişi, döwlet we hususy sektoryna
degişli hyzmatlarynyň halkara standartlarynyň talabyna laýyk gurnamagy.
Bu ugry tamamlan hünärmen jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda we önümçilik
birleşiklerde tehnik-tehnolog, önümçilik müdiri, bölüm, seh, topar ýolbaşçysy,
ýokary derejeli aşpez, iýmitleriň hilini barlaýjy, konditer we laborant
wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar. 













Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.