Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek
Hünär: 5.37.02.22 Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek
Kär: harytçy
Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde“Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek”
hünäri boýunça taýýarlanylýar.
Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, Türkmenistan
diýarymyzda söwda ulgamynda marketingiň talaplaryna laýyklykda ilatyň sarp
edýän harytlarynyň hili, görnüşleri, harytlary öndürijilerden sarp edijilere
satylýan aralykda ähli tapgyrlary, şertnama düzmegi we baglaşmagy,
şertnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi, harytlary sany we hili
boýunça kabul edip almagy, halk üçin bähbitli, döwrebap söwdany, ýagny
müşderiler bilen sazlaşykly aragatnaşygy gurnamagy, degişli resminamalary
ýöretmegi, olara ekspertiza geçirmegi, haryt satmagyň usullaryny, söwdanyň
düzgünlerini, mahabatlandyryş işlerini gurnamagy, maddy jogapkärçiligi,
standartlary we onuň ýerine ýetirilişini derňemegi öwredilýär.
Bu ugry tamamlan hünärmen söwda toplumynda,
söwda-dynç alyş merkezlerinde, marketlerde, dükanlarda, önümçilik kärhanalarynda marketolog, menejer,
harytşynas, täjir, satyjy, dükan müdiri, ilatyň sarp edýän harytlarynyň
eksperti, bazarlarda gözegçi wezipelerinde işläp biler.