Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş

Hünär: 5.37.02.01 Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
        Kär: ykdysatçy
      Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet
klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Ykdysadyýet we
meýilnamalaşdyryş” hünäri boýunça taýýarlanylýar.
     Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, sanly
ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda milli ykdysadyýetiň düzümi, söwda
tehnologiýasy, söwda we alyjylar jemgyýetleri ulgamynyň ykdysadyýeti we
dolandyrylyşy, önümçiligi guramagy we oňa ýolbaşçylyk etmegi, meýilnama
düzmegiň usullary, nyrh kesgitlemegi, kärhananyň we onuň bölümleriniň işini
seljerip, ykdysady görkezijileri hasaba almagy, üpjün edijiler bilen söwda
kärhanalarynyň arasyndaky hojalyk gatnaşyklarynyň ýola goýluşuny, ykdysatçynyň
işlerini kompýuter programmalarynyň üsti bilen ýerine ýetirmegi öwredilýär.
       Bu ugry tamamlan hünärmen döwlet we hususy edara-kärhanalaryň ykdysady
bölümlerinde, birleşmelerde, jemgyýetçilik guramalarda, söwda toplumynda,
banklarda ykdysatçy, meýilnamalaşdyryş boýunça ykdysatçy,  ýerleşdiriş boýunça ykdysatçy, maddy-tehniki
üpjünçilik boýunça ykdysatçy, maliýe işleri boýunça ykdysatçy, özara
hasaplaşyklar boýunça ykdysatçy, ykdysatçy-menejer wezipelerinde işlemek üçin
taýýarlanylýar. 













Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.