Buhgalterçilik hasaba alynyşy we audit

Hünär: 5.37.02.03 Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit

Kär: buhgalter

 

Şu kär Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Buhgalterçilik
hasaba alnyşy we audit” hünäri boýunça taýýarlanylýar.

Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmagyň talaplaryna laýyklykda, hasaplama geçirmegi, buhgalteriýanyň
nazaryýeti, her bir  pudaga degişli
usuly, kadalaşdyryjy we gollanma resminamalary ýöretmegi,  buhgalter hasabynyň görnüşleri we usullary, buhgalter
hasabynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli
standartlarynyň aýratynlyklary, buhgalterçilik hasaba
alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň netijesini kompýuter programmalarynyň üsti
bilen resmileşdirmegi, kärhananyň maddy gymmatlyklaryny, serişdelerini
tükellemegi we gözegçilikde saklamagy, maliýe hasabatlylygy düzüp, derňew geçirmegi
öwredilýär.

Bu ugry tamamlan hünärmen ähli pudaklarda, döwlet we hususy edara-kärhanalaryň
buhgalteriýa, maliýe, gözegçi – derňew bölümlerinde, jemgyýetçilik
guramalarynda, söwda toplumynda, banklarda buhgalter,
edara-kärhanalarda hasabat, derňew, maliýeleşdirmek we karz işlerini alyp
barýan
buhgalter, zähmet we aýlyk haky boýunça buhgalter, maddy serişdeleri hasaba alýan
buhgalter,  buhgalter-auditor, buhgalter-ekspert,
buhgalter-kassir wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.