Salgytlar we salgyt salmak

Hünär: 5.37.03.08 Salgytlar we salgyt salmak
         Kär: salgyt hünärmeni
       Şu kär
Türkmenistanyň orta hünär biliminiň hünärleriniň döwlet klassifikatoryna
laýyklykda orta hünär okuw mekdeplerinde “Salgytlar we salgyt salmak” hünäri
boýunça taýýarlanylýar.
      Söwda-kooperatiw mekdebinde hünärmenlere Watanyna wepaly, sanly
ykdysadyýetiň talaplaryna laýyklykda Türkmenistanda salgyt ulgamynyň
ýörelgelerini we onuň hukuk esaslaryny, salgytlaryň görnüşlerini, maksadyny we
salgyt salmagyň nazaryýetini, fiziki we ýuridiki taraplar hem-de telekeçilik
ulgamlarynda salgyt salmagyň guralyşyny we usulyýetini, pudaklarda salgyt
salmagyň hasaby we hasabatlylygyny, Türkmenistanyň döwlet býujetiň gurluşyny,
ýörelgelerini, ýerine ýetirilişini we salgyt görkezijileri bilen baglanyşykly
işleriň ýola goýluşynyň usulyýetini, kärhanalarda, edaralarda we guramalarda
salgyt salmagy we maliýe işlerini gurnamagy, kärhanalarda, edaralarda we
guramalarda salgyt gözegçiliginiň talabalaýyk ýola goýulmagyny üpjün etmegi,
salgydy töleýjileri, ýeňilliklerini, hasaplamagy, tölemegi, salgyt
hasabatlaryny taýýarlamagyň we tabşyrmagyň aýratynlyklary, salgyt boýunça
işleri kompýuter programmalarynyň üsti bilen ýerine ýetirmegi öwredilýär.
     Bu ugry tamamlan hünärmen döwletimiziň ykdysady
toplumynda, şol sanda söwda degişli pudaklaryň ählisinde, işewürlik bilen
meşgullanýan hojalyklarda, jemgyýetçilik guramalarda,banklarda salgyt inspektory, salgyt-kalkulýasiýa
meselelerini alyp barýan ykdysatçy, salgyt
derňewçisi wezipelerinde işlemek üçin taýýarlanylýar












Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.