Bäsleşikde gazanylan üstünlikler

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň 2026-njy “Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda talyp
ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirmek we olaryň ylym-bilime höweslerini artdyrmak
maksady bilen ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň
gatnaşmaklarynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň guramagynda 2026-njy ýylyň
27-nji martynda “Ykdysady nazaryýet” dersinden internet bäsleşigi geçirildi.
         Bu bäsleşikde Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministliginiň Söwda-kooperatiw
mekdebiniň talyplary hem üstünlikli gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp
boldular. Şelelik-de, Söwda-koopertaiw mekdebiniň  talyby Orazgözel Durdyýewa II orna, Mylaýym
Halmyradowa, Orazjahan Myradowa we Maýa Resulberdiýewa bolsa III orunlara
mynasyp boldular. Talyplar II we III derejeli Diplomlar bilen sylaglandylar.
         Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy Laçyn Keminäýewa
bäsleşige gatnaşan talyplary taýýarlanlygy üçin Minnetdarlyk haty bilen
sylaglandy.




Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.