Ders bäsleşiginde gazanylan üstünlikler
Ders bäsleşiginde gazanylan
üstünlikler
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda
ylym-bilim pudagynyň ösmegi üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp,
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda,
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim
ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Aşgabat
maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň
maliýe-ykdysady ugurly orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda “Sanly
ykdysadyýet” dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda – kooperatiw mekdebiniň talyplary Berdiýewa
O, Hallyýewa G we Myradowa O 3-nji orna mynasyp bolup, olar III derejeli Diplom
bilen sylaglandylar. Şeýle-de ders bäsleşigine gatnaşan talyplary taýýarlan
mugallym Keminäýewa L.A. Minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.