“Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” şygaryna bagyşlanyp maslahat geçirildi!

Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda kooperatiw mekdebinde 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 3-ne Mugallymlar we talyp ýaşlar bilen Ata Watanymyzyň 2026-njy ýyly “Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew
batly at-myradyň mekany” şygaryna  bagyşlanyp
maslahat geçirildi! Maslahatyň dowamynda Milli Maksatnamalarymyzda bellenilen
sepgitleri üstünlikli ýerine ýetirilýän häzirki zamanymyzda ykdysadyýetiň ähli
pudaklarynda kämilleşmeler giň gerim alýandygy barada deliller bilen pikir
alyşyldy!



Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly
Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il –ýurt bähbitli
alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap alkyşlandy!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.