Bilimler we talyp ýaşlar güni

1-nji sentýabr
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministirliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde uly dabara
baýramçylygy geçirildi. Ilki bilen Türkmenistanyň Döwlet Senasy ýaňlandy.



         Dabaraly çäräni açyp bermek üçin
Söwda-kooperatiw mekdebiniň direktory
Şatlyk Goçgulyýew
çykyş edip Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň talyp ýaşlara ýüzlenmesini okady we Bilimler we talyp ýaşlar
güni mynasybetli talyplarmyzy gutlady.



         Soňra
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ilkinji
demokratik partiýa guramasynyň başlygy ykdysady ylymlarynyň kondidanty Gurban Rejepowa söz berildi, ol hem Bilimler
we talyp ýaşlar güni mynasybetli talyp ýaşlarmyzy gutlady. Soňra mekdebiň 1-nji ýyl talyby Aýnabat Durdyýewa öz
talyp deňduşlaryny gutlady. 2-nji ýyl
talyby Berdiýew Rahat
“Arkadagym,
Arkadagly Serdarym”
atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra 2-nji ýyl talyby Oguldöndi Sopyýewa hem öz talyp deňduşlaryny
baýramçylyklary bilen gutlady. 2-nji ýyl
talyby Berdiýew Rahat “Ýaşlar-ýurduň geljegi”
atly aýdymy ýerine ýetirdi.
Soňra Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza, Türkmenistanyň
Prezidentine wepalylyk baradaky milli kasamy ýerine ýetirmekligi bilen dabara
tamamlandy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.