Söwda-kooperatiw mekdebinde “Açyk gapylar” güni

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde “Açyk gapylar” güni
        2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen gününden başlap
her bir günümiz dabaraly baýramçylyklara we çärelere beslenýär. 
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda çykaran № 291 buýrugy we
mekdebiň iş meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanda ýaşlary hünäre ugrukdyrmak
işlerini geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň Aşgabat şäherindäki umumy bilim
berýän edaralarynda bilim alýan mekdep okuwçylaryna hünärini saýlamaga we
anyklamaga ýardam bermek maksady bilen 2025-nji ýylyň 5-6-njy maýynda Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw
mekdebinde “Açyk gapylar” güni dabaraly bellenip geçildi.
    Bu çärä paýtagtymyzyň dürli künjeklerinden mekdep
okuwçylary gatnaşdy. Çäräniň dowamynda mekdep okuwçylaryna Söwda-kooperatiw
mekdebimiz barada mugallymlar tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky
özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler,
hünär dersleri, okuwlaryň guralyşy barada gysgaça maglumatlar berildi.
Tanyşdyryş dabarasynda okuwçylary “Jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň
tehnologiýasy” hünäriniň gurnamagynda sergi bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de,
ýokary derejede guralan bu tanyşdyryş çäresiniň dowamynda geljekki uçurym
okuwçylar mekdebiň kitaphanasy, sport meýdançalary,  döwrebap kompýuter otaglary bilen
tanyşdyryldy.
         Söwda-kooperatiw mekdebi barada geçirilen bu tanyşdyrylyş
çäresi, mekdep okuwçylarynda biziň mekdebimize bolan gyzyklanmany has-da
artdyrdy.
    Ýaşlara şeýle giň mümkinçilikleri döredip
berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden
minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, il-ýurt
bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!










Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.