Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň sport ýaryşynda gazanan üstünlikleri

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň sport ýaryşynda gazanan
üstünlikleri
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda talyp ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlarynyň ýygy-ýygydan geçirilmegi talyplaryň sporta bolan höwesini barha artdyrýar. Hut şu maksat bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň gurnamagynda Türkmenistanyň hünär-tehniki we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Türkmenistan-ruhybelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XIV Spartakiýadanyň düzüminde bolan sportuň tanap çekmek görnüşi boýunça ýaryş geçirildi.
      Bu gyzgalaňly tanap çekmek ýaryşynda Söwda-kooperatiw mekdebiniň oglanlardan we gyzlardan düzülen ýygyndy topary üstünlikli çykyş edip 3-nji orna mynasyp boldular. Biz hem talyplarymyzy gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýürekden  gutlap, geljekde geçiriljek sport ýaryşlarynda  baýrakly orunlary almaklaryny arzuw edýäris.
    Ýaşlara okamaga, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.