“Sanly ykdysadyýet” internet bäsleşigi

Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň
internet bäsleşiginde gazanan üstünlikleri
       Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda
talyp ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirmek we olaryň ylym-bilime höweslerini
artdyrmak maksady bilen ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp
ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda      Türkmen     döwlet  
  maliýe    institutynyň      guramagynda
 09.04.2025-nji ýylda “Sanly
ykdysadyýet” ugry boýunça internet bäsleşigi geçirildi.
      Çekeleşikli geçen  internet test bäsleşiginde “Sanly ykdysadyýet”
ugry boýunça Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary Annagurban Garalyýew, Sona
Jumakulyýewa, Gözel Hallyýewa we Gülüstan Hallyýewa 2-nji orunlara  mynasyp boldular. Bäsleşigiň jemi jemlenenden
soň aprel aýynyň ahyryna ýeňiş gazanan talyplarymyzy II derejeli diplomlar we
sowgatlar bilen sylagladylar. Şeýle-de bäsleşige ylmy taýdan ýolbaşçylyk eden
we taýýarlan mugallymlar Laçyn Keminäýewa we Ogulgözel Çaryýewa “Minnetdarlyk
haty” bilen sylaglandylar.  Biz hem
talyplarymyzy gazanan ýeňişleri bilen tüýs ýüregimizden  gutlap, geljekde geçiriljek bäsleşiklerde
hem  uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny
arzuw edýäris.
    Ýaşlara şeýle giň mümkinçilikleri
döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň janlary sag, başlary dik,
il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara
beslensin! 








Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.