“Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi
2025-nji ýylyň fewral aýynyň 17-22-si aralygynda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebinde gurnalan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli, “Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym” atly Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň göçme sergisi we Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitap sergisi geçirilýär.
Kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary, çeper edebiýatlar, türkmen halk ertekileri, gazetler we žurnallar goýuldy. Bu geçirilýän sergi talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.
Şekillendiriş sungat eserlerinde türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, gadymy däp-dessurlary wasp
edilýär. Dürli reňkleriň sazlaşygy bilen döredilen ajaýyp eserler, bu sergä aýratyn bir öwüşgin berýär. Bu ajaýyp
sungat eserleri ösüp gelýän ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we şöhratly geçmişi öwrenmekde mukaddes çeşme bolup durar.