“Taryh şu ýerden başlanýar” atly esse ýazmak bäsleşigi

 Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň”Halkara   Parahatçylyk we  ynanyşmak” ýylynda türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi  esasynda milli ruhda terbiýelemek, ýaşlarymyzy watansöýüjilik, berk-bedenli, Ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsançlaryny ösdürmek, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, edebi we taryhy şahsyýetlerimize, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmek, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan geçirilen “Taryh şu ýerden başlanýar” atly esse ýazmak bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary hem işjeň gatnaşdy. Talyplary has-da gyzyklandyran bäsleşikde  biziň Söwda-kooperatiw mekdebimiziň II ýyl talyby Kerimow Süleýman 2-nji orna mynasyp boldy we Hormat haty  hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň okap-bilim almaklary, öz hünäriniň eýesi bolup ýetişmekleri üçin şeýle ajaýyp şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan işleri rowaç alsyn!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.