Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň “Bilim-bagtyň çyragy”atly bilim bäsleşiginde gazanan üstünlikleri

Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplarynyň
“Bilim-bagtyň çyragy”atly bilim bäsleşiginde gazanan üstünlikleri
         Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi bilen bilelikde Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça sekiz sany orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda ders
bäsleşigi geçirildi.
      Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamlaryny has-da kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň çäklerinde ýaşlary kämil hünärmenler edip ýetişdirmek, olaryň nazary bilimlerini artdyrmak, amaly ukyp-başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi Geňeşi bilen bilelikde Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça sekiz sany orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda ders bäsleşigi geçirildi.
      Çekeleşikli geçen bäsleşikde Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary Annagurban Garalyýew, Sona Jumakulyýewa, Gözel Hallyýewa 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan talyplarymyz III derejeli diplomlar we sowgatlar bilen sylaglandylar.Biz hem talyplarymyzy gazanan ýeňişleri bilen mähirli gutlap, geçirilýän bäsleşiklerde mundan beýläk hem  uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.
    Ýaşlara şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý, olaryň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!






Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.