Sport bäsleşiginde üstünlik
Gahryman Arkadagly Serdar Prezidentimiziň “Ýaş
nesillerimiziň bedenterbiýe we Sport bilen meşgullanmagy döwrüň möhüm
talabydyr. Sport sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesidir” diýen parasatly
sözlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň talyp
ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan
ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas
ummany Magtymguly Pyragy ýylynda”, Mukaddes Bitaraplygyň şanly 29 ýyllygyna
bagyşlanyp Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw
mekdepleriniň (mundan beýläk Mekdepler) talyp ýaşlarynyň arasynda 2024-nji
ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirilýän “Sport gujur-gaýratyň,
gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly sport ýaryşynda Türkmenistanyň Söwda
we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary
Orazgeldiýew Kowusmyrat we Gurbanowa Gurbangül 2-nji oruna mynasyp boldylar.
Mundan başga-da Söwda-kooperatiw mekdebiniň talyplary döwlet derejesindäki
geçirilýän sport çärelerine işjeň gatnaşyp baýrakly ýerlere mynasyp bolýarlar.