Türkmenistanyň "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
Söwda-kooperatiw
mekdebi
Belent
buýsançly Bitaraplyk baýramçylygymyzyň dabaraly bellenilýän
günlerinde Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebine buşluk habary geldi. Buşlukda
Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy, usuly birleşmesiniň başlygy, kärdeşler
arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Laçyn Agajanowna
Keminäýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenistanyň
"Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" atly ýubileý medaly bilen
sylaglanylandygy barada habar berildi.
Bu
sylag tutuş Söwda-kooperatiw mekdebiniň agzybir işgärleriniň abraýy we
buýsanjy!
Ujypsyzja
çekýän zähmetimize uly hormat goýup Şa serpaýynyň berilmegi her bir ynsanyň
başyny göge ýetirýär!
Baýramçylyklaryň
goşalanyp gelýän şatlykly günümizde Şa serpaýy üçin medal bilen
sylaglanan Laçyn Agajanowna Keminäýewa we Söwda-kooperatiw
mekdebiniň ähli agzybir işgärleri Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak bolmagyny, Türkmenistan Watanymyzyň mundan beýläk-de pajarlap ösmegi üçin
alyp barýan işlerinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!