“Bitaraplyk bagtymyzyň gözbaşy”

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi

Söwda-kooperatiw mekdebi

   
      Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň Ýaşlar guramasynyň 2024-nji ýylyň
meýilnamasyna laýyklykda 2024-nji ýylyň 11-nji dekabrynda  Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Bitaraplygymyzyň şanly 29
ýyllyk toýunyň toýlanmagy mynasybetli 

“Bitaraplyk
bagtymyzyň gözbaşy”
 atly baýramçylyk çäresi
dabaraly ýagdaýda geçirildi.

Ata
Watanymyzy halkara ülňülerine laýyklykda belent ykdysady ösüşlere ýetirýän,
öňden görüjilikli syýasatymyz esasynda Bitaraplygymyzyň gazanan netijeleri
merdana halkymyzyň ruhy dünýäsine mahsus raýdaşlyk, dost-doganlyk
gatnaşyklarynyň beýik nusgasyny açyp görkezýär.

Bitaraplyk
syýasatynyň oňyn ýörelgeleri eziz Diýarymyzyň ösüş ýoluny kesgitlemäge, parahatçylyk
söýüji halk hökmündäki ornumyzy, türkmen döwletliligini berkarar etmäge
mümkinçilik berýänligine guwanyp şu dabara gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň
sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!













Bu çäre talyp ýaşlarymyzyň
Watanymyza bolan buýsanjyna aýratyn öwüşgin çaýdy!

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.