“Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy”
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Türkmenistanyň
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw
mekdebinde dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede 2024 okuw ýylynda giriş
synaglaryny üstünlikli tamamlap mekdebimize okuwa giren talyplary özleriniň
ýürek buýsanjyny beýan edip hormatly Prezidentimize özleriniň minnetdarlyk
sözlerini aýtdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza
sarpa goýmak, ýaş nesile akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömrüni we
döredijiligini, edebi mirasyny öwretmek hem-de dünýä ýaýmak, beýik söz
ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat goýmak
ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Söwda-kooperatiw mekdebinde 2024-2025-nji
okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen at bilen geçirldi.
Dabaranyň ahyrynda talyp ýaşlara edýän aladasy
üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent
başlarynyň aman, eziz Watanymyzyň mundan beýläkde, gülläp ösmeginiň we eşretli
durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan tutumly işleriniň hemişe rowaç
bolmagyny arzuw etdiler.