BILDIRIŞ

TÜRKMENISTANYŇ SÖWDA WE DAŞARY YKDYSADY ARAGATNAŞYKLAR
 MINISTRLIGINIŇ SÖWDA-KOOPERATIW MEKDEBI
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça
talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:
1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
2. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
3. Harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek.
4. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
Söwda-kooperatiw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den
geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda
kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat
şäherinde kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada (bilimi barada) resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde 12 sany fotosurat;
bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň
kepil haty;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan
okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň
ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň
ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl
nusgasyny tabşyrýarlar.
— pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby
şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we
ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
___  Olimpiýadanyň
ýeňijileriniň medaly ýa-da degişli resminamasy
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny
tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
Söwda-kooperatiw mekdebinde Aşgabat ş. geçirilýär:
Giriş synaglary ähli hünärler
boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden
geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere
görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler
soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda bäsleşiksiz we talyplyga
kabul edilmek üçin artykmaç, hukukdan:
- Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
edaralary we kärhanalary tarapyndan degişli hünärlere hödürlenenler;
-“Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen
görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
 
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň
Söwda-kooperatiw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., Aba Annaýew köçe, j-51,  tel.: 36-85-32, 36-83-28.
































































Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri, 2060-njy (Aba Annaýew) köçe, 51.







Telefon belgiler:
tel.: 36-89-54, 36-83-28.